Jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm ugry

15 Noýabr 2022
942

Gender deňligi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolup, onuň esasy maksady zenanlaryň we erkekleriň durmuşyň ähli ugurlarynda deň mümkinçiliklerden, hukuklardan we jogapkärçiliklerden peýdalanýan jemgyýeti kemala getirmekdir. Gender jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän durmuş hadysalaryň sebäplerine düşünmegiň guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle-de ol aýallaryň hukuklarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, netijede, olaryň işçi güýjüniň, zehinleriniň umumy derejede ulanylmagy, ykdysady we durmuş häsiýetli üstünlikleriň möhüm bölegi hasaplanýar. Döwletimizde erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendir. Ýurdumyzda gender deňliginiň gazanylmagy döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwlet syýasatynda milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlary işjeň çekmäge, bilim derejesini hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar işlenilip düzülýär we durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde zenanlar türkmen jemgyýetinde mynasyp orun eýeleýärler. Döwlet tarapyndan zenanlara aň-paýhas, döredijilik, durmuş mümkinçiliklerini ösdürmäge ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Watansöýüji, bilimli nesli kemala getirmekde, jemgyýetiň möhüm düzüm bölegi bolan maşgala institutynyň binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda zenanlaryň hyzmaty uly bolup durýar.

Güljan GARABAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.