Tebigat baýlaşsa, göwün şat bolýar

2 Noýabr 2022
1195

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 5-nji noýabrynda başlanýan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bag ekişlik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň güýzki möwsüminde hem oba-şäherlerimizde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologiýanyň has-da gowulanmagyny üpjün eder. Şu gezek geçirilýän bag ekişlige Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň toplumynyň töwereginde badalga berler.

Ilmyrat BERDIÝEW.