ARMAWERI, «PEÝNIRÇI»!

2 Oktýabr 2022
1803

Ýurdumyzda süýt önümlerini, aýratyn-da, peýnir önümlerini öndürýän kärhanalar barha artýar. Şolaryň biri-de, 1998-nji ýylda esaslandyrylan «Peýnirçi» hususy kärhanasydyr.

Ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşlere hususy ulgamyň wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Ilatyň gündelik sarp edýän önümlerini ýokary hilde öndürip, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan, azyk önümlerini öndürmeklige ýöriteleşen hususy kärhanalar hem üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň işewürleriniň alyp barýan işleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Peýnirçi» hususy kärhanasyna aýratyn orun degişli. Bu kärhana öndürýän ýokary hilli önümleri bilen halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup gelýär. «Peýnirçi» hususy kärhanasy 1998-nji ýylda Gubadag etrabynda esaslandyryldy. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, ol hem bolsa adyndan belli bolşy ýaly, kärhana öz işini peýnir öndürmekden başlady. Bu ýerde öndürilýän peýnirler ilat arasynda aýratyn islegden peýdalanýar. Kärhanada peýniriň «Altyn», «Ýaýla», «Toý» ady bilen dürli görnüşleri, şeýle-de «Aşgabat» haryt nyşanly ergin peýnir öndürilýär. Bu önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylyp, uly isleg bilen satyn alynýar. 

Şähribossan ÖWEZOWA,
žurnalist, Daşoguz welaýaty.