Bagtyýar maşgalalarda terbiýelenýän we kemala gelýän ýaş nesilde pederlerimiziň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, wepalylyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetlerini kemala getirmek üçin Arkadagly Serdarymyz uly tagallalar edýär. Ýaşlarda ynsany hassalykdan, mätäçlikden we tukatlykdan halas edýän zähmete söýgi döretmegiň, olary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegiň berk binýady agzybir maşgaladan başlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgalanyň çaga terbiýelemäge siňdirýän zähmetiniň ähmiýeti hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Kitapda: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär» diýilýär.