Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda

28 Sentýabr 2022
1721

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň guran binalary ýokary hilliligi, amatlylygy bilen tapawutlanyp, töwerege görk berýän döwrebap keşbi bilen ünsi çekýär. Kärhananyň Daşoguz şäheriniň köçeleriniň birnäçesiniň ugrunda guran ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy muňa anyk mysal bolup biler. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi şol amatlyklaryň, eşretleriň hözirini görýär.

Kärhana agzalan döwrüň dowamynda Daşoguz şäheriniň Şagadam, Baýdak, Daşoguz, Görogly we beýleki köçeleriniň ugrunda jemi 11 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ýaşaýjylaryň ygtyýaryna beripdir. Beýle diýildigi onuň 250-ä golaý maşgalany ähli amatlyklary bolan, täze öýler bilen üpjün edendigini aňladýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».