Bedeniň syrdamlylygyny saklamak, elbetde, dogry iýmitlenmek bilen bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa biz, ilki bilen, iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmeli bolýarys.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Detoxbox» türkmen kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen dogry iýmitlenmek düzgünleriniň meýilnamasy bedeniňiziň sagdynlygyny üpjün etmäge hem-de artykmaç agramyňyzy aýyrmaga kömek eder. Bu meýilnama günde 4 gezek az kaloriýaly, artykmaç agramy azaltmaga niýetlenen azyk önümlerini kabul etmekden ybaratdyr. Meýilnamanyň esasy maksady — bedeniň syrdamlylygyny artdyrmak, çişleriň öňüni almak we işdäni sazlamak bolup durýar.