Türkmen telekeçilerinden eksportyň täze ugry

11 Awgust 2022
1200

Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi goldamak babatda döredýän şert-mümkinçilikleri, hususyýetçilere berýän goldaw-hemaýatlary ajaýyp miwelerini berýär. Şeýle şertlerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgatlary, täze üstünlikler bilen barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlaryndan, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden ruhlanyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri-de «Aýbölek» mebel kärhanasydyr.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasynyň goňşy Gazagystan Respublikasyna mekdep partalaryny eksport etmegi hem örän guwandyryjydyr. Türkmen kärhanasyna ilkinji gezek şeýle jogapkärli wezipäniň, ýagny goňşy döwletiň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda täze ulanyşa beriljek 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi okuw partalary bilen üpjün etmegiň tabşyrylmagy milli önümlerimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».