Döwrebap jaýlaryň gurluşygy

10 Awgust 2022
1167

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän, gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýan birnäçe döwrebap binalary, desgalary görüp, ruhuň göterilýär. Olar özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň başlygynyň gurluşyk işleri boýunça orunbasary Geldimyrat Halylow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol häzirki wagtda kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

— Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köp gurulýan mesgenine öwrüldi. Häzirki wagtda şeýle gurluşyklaryň birnäçesi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Elbetde, bu işleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin edýän tagallalary jemlenendir. Şunuň ýaly haýyrly işlere goşant goşmakda biziň «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanamyzyň hem aýratyn orny bar. Häzirki wagtda gurluşyk kärhanamyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de bank ulgamynyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýar. Olaryň biri Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda gurulýan 4 gatly, 2 girelgeli, 16 öýli, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde gurulýan 1 sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarydyr. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerinde Baýrammämet Janyýew, Umyt Toýlymyradow, Guwanç Paltabaýew, Kyýas Satymow dagy has-da yhlasly zähmet çekýärler.  Mundan başga-da, biziň hususy kärhanamyz Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Ak altyn geňeşliginiň çäginde 1,5 gektar meýdanda sowadyjy ammary işe girizdi. Ýakyn geljekde bolsa bu ýerde hojalyk harytlaryny öndürýän kärhanany işe girizmegi hem meýilleşdirýäris — diýip, Geldimyrat Halylow gürrüňini dowam etdirdi: — Biz gurluşyk işlerinde işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna aýratyn üns berýäris. Topar ýolbaşçylarydyr hünärmenler her gün gurluşyk meýdanynda bolup, işleriň gidişini berk gözegçilikde saklaýarlar. Hünärmenler bolsa özlerine tabşyrylan işleri göwnejaý ýerine ýetirmek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatymyzda şeýle ajaýyp binalaryň sanynyň artmagynda gurluşyk kärhanamyzyň mynasyp goşandynyň bardygyna buýsanjymyz artýar.

Ýörite habarçymyz.