Ýaşlar we telekeçilik

1 Awgust 2022
1217

Ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat partiýasynyň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda, ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda ýaşlar syýasaty, telekeçilik işi babatda, telekeçilik işiniň esaslaryny wagyz etmek maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň ýerli wekilleri, welaýatyň baýry hem-de ýaş telekeçileri, ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygynda TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary S.Şyhyýew, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni N.Galpakow, TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy S.Begow, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy B.Piriýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Söýünow, TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni K.Sabyrow hem-de TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy M.Meredow dagylar çykyş etdiler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda güneşli ülkämizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de ýaşlary telekeçilige çekmek, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny maliýe we hukuk taýdan goldamak we höweslendirmek üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikler, ýeňillikler hakynda pikir alyşdylar. Ýaş telekeçiler Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy bilen bilelikde alyp barýan meýilnamalaýyn işleri dogrusynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 14-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda geçiren taryhy maslahatynda «Ýaşlar kärhanalary» barada öňe süren teklipleriniň halkyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda gyzgyn goldaw tapandygyny, uly seslenme döredendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyk özüniň täsirliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.