Türkmen işewürliginiň rowaçlyklary

27 Iýul 2022
1110

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen, ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolan Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýar. Garaşsyzlyk diýmek — durnukly ösüş diýmek. Özbaşdaklyk diýmek — dünýä halklary bilen deňli-derejeli gatnaşyklary ýola goýmak diýmek. Özygtyýarlylyk diýmek — ykdysady taýdan garaşsyzlygyňy yglan etmek diýmek. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny almagy we özbaşdak ösüşiň şaýoluna çykmagy bilen dünýä bileleşiginiň ata Watanymyza bolan gyzyklanmasy günsaýyn artýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň uludan baýram ediljek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açdy. Bu maksatnamada döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.

«Esger».