Arassa we tebigy önümçilik

27 Iýul 2022
1143

Indi kömelek iýmek üçin baharda ýyldyrym çakyp, ýagşyň ýagmagyna garaşmak zerurlygy ýok. Ony ýetişdirmegiň aňryýany bilen hötdesinden gelýän telekeçileriň yhlasly zähmeti bilen şampinýon kömelekleri ýylyň on iki aýynda-da bize elýeterli boldy.

Şampinýonlary ýetişdirip bazara çykarmak bilen ony satyn alyp, tagam taýýarlamagyň arasyndaky tapawut «Ýer bilen gök ýaly» diýleni eken. Gije-gündizki idegi, belli bir derejedäki dökündir harajady, ilkinji nobatda bolsa aýratyn howa şertlerini talap edýän bu önümçiligi üstünlikli ýola goýmagy başaran telekeçi, welaýat merkezimizdäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Almansur Orazow bilen söhbetdeş bolanymda, men muňa has anyk göz ýetirdim. Üç sagatdan gowraga çeken gürrüňdeşligimizde bu işiň ýokary we çylşyrymly tehnologiýa esaslanýandygyna düşündim. Aýdyşyna görä, söhbetdeşimiň özi-de bu işi diňe öwrenmek üçin iki ýyldan gowrak wagtyny sarp edipdir.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.