Keremli topragyň nygmaty

12 Iýul 2022
1110

Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Tekjelerde rejelenip goýlan gök-bakja ekinleriniň, dürli miweleriň deňinden biparh geçip bolmaýar. Aýratyn-da, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, biýarasynda bala öwrülýän uçmahy gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Gadymy Merwdäki Gäwürgaladan gawun tohumynyň tapylmagy eziz Diýarymyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, behişdi gawunlaryň hem watanydygyny subut edýär. Onuň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri, taryhçylary: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym», «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýen ýaly gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Orta asyrlara degişli ýazuw ýadygärliklerinde-de Merwiň gawunlarynyň diýseň süýji bolandygy barada aýdylýar. Süýjäp, ýetjek derejesine ýetende sähelçe sese ýarylýan türkmen gawunynyň tarypy dünýä dolup, taryhyň gatlaryna siňipdir. Ol arap halyflarynyň, Rim, Hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň saçaklaryny bezäpdir. «Waharman», «göktorly», «gülaby», «sarygyz», «garrygyz», «emiri», «gürbek», «akmaral», «zamça», «hojapeş», «kyrkgünlük», «mazy»... daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdirýän gawunlarynyň görnüşlerini sanasaň, sogaby bar. Alymlar olaryň 400 töweregi görnüşiniň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de paçagynda guradylan çigitden süýji gawuny alyp bolýandygy tejribede ýüze çykaryldy. Gadymda pederlerimiz eti ýumşak bolar ýaly, gawunyň tohumlyk çigidini süýde ezip goýup, soňra ekipdirler.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.