Gadymy çaga eşikleri

11 Iýul 2022
2208

Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary örän gadymylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Asyrlardan aşyp, kämilleşdirilip gelen milli gymmatlyklarymyzyň biri-de milli çaga egin-eşikleridir. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp tiken el işleri üstünden ençe asyr geçse-de, özüniň keşbini, owadanlygyny, reňk öwüşginini ýitirmeýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny özünde jemleýän milli lybaslar döwre görä kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu babatda çaga egin-eşiklerini öwrenmegiň ähmiýeti uludyr. Çaga eşikleri uly adamlaryň eşigine meňzeş bolup, bezeliş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň lybaslary täsin we özboluşly bolýar. Çaga eginbaşlary barada hüwdi setirlerinde:

Akja bilekli, ballym,
Mahmal gadakly, ballym,
Ulalyp alym bolsa,
Ile gerekli, ballym –

Bahartäç RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary.