Kalbymyzy we daşymyzy gurşap alan bu owadan tebigaty milli ruhda, çeper sungat arkaly wasp etmek üçin zenanlara el zähmetine bolan ukyp, döredijilikli çemeleşiş, düşünjeli üşük berlipdir. Bu babatda zenanlar gözleriniň görýän we göwün söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, gaýmalaradyr keşdelere geçirip, duýguly dünýäniň gözelliklerini baky ýaşadýarlar.
Adamyň kalby we göwni gözellige aşyk. Göwün teşneligiňi gandyrýan şol gözellikleriň aglabasy ynsan elleriniň zähmeti bilen kemala gelýär, gözelligi bolsa adamlara tebigat bagyş edýär.