Geljege ynamyň sarsmaz sütüni

6 Iýul 2022
1278

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hoşniýetli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu syýasat köptaraplaýyn, toplumlaýyn hem-de ulgamlaýyn häsiýetdedir. Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji daşary syýasy strategiýasy ýurdumyza özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga we olary berkitmäge hem-de ösdürmäge itergi berýär.

Hut şuňa laýyklykda özygtyýarly, baky Berkarar Watanymyzda geljekki ösüşiň binýadyny berkitmek we halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak ugrunda tutumly başlangyçlar öňe sürlüp, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde hem ata Watanymyz dünýä söwda-ykdysady ulgamyna netijeli goşulýar we daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady aragatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda tutumly işler alnyp barylýar.

Laçyn AZIMOWA,
«Çäksiz Diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk boýunça inženeri.  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.