Datly konditer önümleri

5 Iýul 2022
1316

Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, telekeçi Rahat Allaýarowa degişli bolan konditer önümlerini öndürýän kärhana ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde oturdylan, Italiýa, Germaniýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman tehnologiýalary bu ýerde öndürilýän önümleriň hil derejesiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmegini we tagamynyň datly bolmagyny şertlendirýär. Şol kämil enjamlary ussatlyk bilen dolandyrmagyň hötdesinden gelýän hünärmenler işlerine aýratyn yhlasly çemeleşýärler. Bu bolsa, önümçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyna getirýär.

Kärhanada zähmet çekýänleriň aglabasy ýaşlardyr. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen, kärhanada konditer önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär. Ol ýerde önümçiligi alnyp barylýan gatlakly kökäniň görnüşi 10-a ýetýär. «Dabara», «Lezzet», «Arzuw», «Ýakymly» ady bilen ilata ýetirilýän konditer önümleri diňe bir düzümi boýunça däl, eýsem tagamy babatda hem tapawutlanýar. Kakao külkeli, karamel we şokolad huruşly gatlakly kökelere islegiň has uludygyny kärhananyň hünärmenleri aýdýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.