Döredijilik ýoly syrly wakalardan püre-pür türkmen özüniň milli buýsanjyny adamzat gymmatlyklarynyň sanawyna goşup, taryhda mynasyp yz galdyran halk. Onuň pähim-paýhasa, ylham-joşguna ýugrulan bu ýoly kalbynda dürlere beslenendir. Gözellikden ylham alyp, danalyga gulluk eden türkmeniň bu ýolunyň gözbaşynda milli aýratynlyklary hiç bir milletde gaýtalanmaýan özboluşly gymmatlyklarymyz ýyldyzlar kimin dünýä şöhle saçýar.
Nagyşlary urp-adatly, durmuş-taryhly halysy, ýelden ýüwrük dal bedewi, hoş owazly gazma dutary, wepadar alabaýy, küştdepdisi..., garaz, pederlerimiziň paýhasy bilen dünýä inip, türkmen halkynyň göz guwanjyna öwrülen ol gadymy gymmatlyklarda bakylyk şöhlelenýär.