Bagy-bossan sähralar — milli baýlygymyz

2 Iýul 2022
1422

Dünýä möçberli ekologik meseleleriň arasynda çölleşme hadysalaryna aýratyn orun degişlidir. Berlen bahalar boýunça, çölleşmegiň ýüze çykmagynyň has ähtimal aýtymy bolan gurak ýerler gury ýeriň 47,5 göterime golaýyny eýeleýär. Çölleşmek — munuň özi organiki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň tapdan düşmegine, gurak ekoulgamyň weýran bolmagyna getirýän fiziki-geografik we antropogen hadysalaryň jemidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý gorag zolaklarynyň meýdanlaryny döretmek, öri meýdanlaryny dikeltmek ýaly işler has wajyp ähmiýete eýedir.

Pirli KEPBANOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.