Süýt önümleriniň berekedi

2 Iýul 2022
1343

Ir säher bilen ýaňyja bişirilen süýdi içip, günüň dowamynda-da gatygyň, aýrandyr süzmäň ýetik bolsa, tomusda şondan gowy hörek gerek däl. Ilaty süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge hususyýetçilerimiz, şol sanda öz işlerini ýurdumyzyň gündogar sebitinde alyp barýan hususyýetçiler hem ýakyndan gatnaşýarlar. Olar şu ýylyň birinji ýarymynda jemi 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarlap, ildeşlerimize ýetirdiler.

Bu asylly işe aýry-aýry hususyýetçileriň has uly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Dänewli telekeçi Begenç Oraznepesowyň ýolbaşçylygyndaky «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarçylyk hojalygynda ýylyň alty aýynda tutuş welaýat boýunça taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň bäşden birine golaýy taýýar edilip, alyjylara ugradyldy. Has takygy, bu ýerde ýylyň birinji ýarymynda 182 tonnadan gowrak süýt we süýt önümleri alyjylara ugradyldy. Çärjew etrabyndan telekeçi Berdimyrat Möwlamow bolsa ýylyň başyndan bäri taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň mukdaryny 75 tonna ýetirdi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).