Kärhananyň islegli önümleri

29 Iýun 2022
1197

Ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda senagaty, gurluşyk pudagyny, telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny alyp göreniňde-de, onda öz hususyýetçilerimiziň öndürýän önümlerine köp duş gelmek bolýar. Hususyýetçiler döwlet tarapyndan döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň önjeýli goşantlaryny goşup gelýärler. Olaryň öndürýän ähli önümleri halkymyz tarapyndan uly islegden peýdalanýar hem-de özüniň ýokary hilliligi, özüneçekijiligi, millilige ýugrulan görnüşleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda telekeçiligi we hususyýetçiligi ösdürmäge ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, olaryň öndürýän önümlerini içerki we daşarky bazarlara çykarmagyna ähli mümkinçilikleri bar. Bu ugurda welaýatymyzda hem birnäçe hususy kärhanalar hereket edip, olaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hilal» hususy kärhanasydyr. Biz bu kärhananyň hünärmeni Umar Matýakubow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda söz açdy:

Ýazga geçiren Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».