Maşgala mukaddesligi

23 Iýun 2022
1443

Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýaşan Ata Salak ady bilen adygan doganoglanymyň nurana keşbi henizem göz öňümde dur. Ol öz döwründe iliň-günüň alkyşyny alan adamdy. Ol alty ogul, dört gyzyň atasydy. Haçan-da ata-ene öz ýerinde berk duranda döwletli maşgala kemala gelýär. Bu maşgalanyň hem berk, tertip-düzgünli bolmagynda gelnejem Baýrambibiniň hem uly paýy bardy. Sebäbi maşgala sütüniniň berdaşly bolmagy, ilki bilen, şol öýüň bikesine baglydyr. Aradan ençeme wagt geçen hem bolsa, gelnejemiň öz ogul-gyzlaryny daşyna üýşürip: «Atanyň çagalary ýaly çagalaryň bolaýsa diýdirseňiz, men sizden iki dünýe razydyryn» diýýän sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur.

Ata Salak ömrüniň köpüsini söwda merkezinde işledi. Ol: «Arassa, halal işläň. Adamlaryň göwnüne degmejek boluň. Özüňizi gaýgyrman olaryň ýumuşlaryny bitirjek boluň. Güler ýüzüňizi, süýji sözüňizi adamlardan gysganmaň. Adamyň jinnek ýaly göwni bardyr» diýip, perzentlerine sargyt ederdi.

Ogulsoltan GELDIMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.