Telekeçilige giň ýol

22 Iýun 2022
1235

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler häzirki döwürde ykdysady ösüşiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ýokary ykdysady ösüşi gazanmak, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak hem-de ýurduň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Täze taryhy eýýamda telekeçilik ulgamy bazar ykdysadyýetiniň möhüm edarasy, ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmeginiň wajyp şerti bolup durýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny şertlendirýär.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.