«MMB» haryt nyşan­ly aýak­gap­lar

19 Iýun 2022
1273

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ýur­du­myz­da im­por­tuň or­nu­ny tut­ýan önümleri ön­dür­mek­de my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Hu­su­sy telekeçi Baýramsähet Meňli­ýew hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çä­gin­dä­ki Türkmenis­tanyň Senagatçylar we telekeçiler bir­leş­me­siniň agzalarynyň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasyn-da «MMB» haryt nyşan­ly aýakgaplaryň önümçiligi­ni ýo­la goý­dy. Geçen ýylyň aw­gustynda işe girizilen kär­hana Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Res­pub­li­ka­sy­nyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Önüm öndürmek üçin gerekli çig malyň agramly bölegi bolan deri «Aksuw» ho­ja­lyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mal­laryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyndan alynýar. Kärhana doly güýjünde işledilende, bir aýda 5 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçiliklidir. 30 tö­we­re­gi iş­gär zäh­met çek­ýän kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän gö­ze ge­lüw­li we ra­hat aýak­gap­lar ýur­du­my­zyň äh­li söw­da no­kat­la­ryn­da amat­ly ba­halar­dan hö­dür­len­ýär.

Ser­dar BA­TY­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ser­het ins­ti­tu­ty­nyň har­by ta­ly­by.