Lezzetli «Erteki»

15 Iýun 2022
1337

Güneşli ýurdumyzda tomus paslynyň gelmegi bilen uly meşhurlyga eýe bolan süýji tagamly doňdurmalara bolan isleg has-da artýar. Tomsuň yssy howasynda jana tenekar şokoladly, wanilinli, maňyzly, limonly, almaly doňdurmalaryň dürli görnüşlerini iýmek has-da lezzetli. Doňdurmalar häzirki günlerde dünýäniň çar künjünde söýgüli tagamlaryň biri bolmak bilen, kiçi ýaşly çagalardan başlap, dürli ýaşdaky adamlaryň ählisi olary halaýarlar. Hususy telekeçilerimiz gözel paýtagtymyzyň dükanlarynda, söwda merkezlerinde, naharhanalarda doňdurmalaryň dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýärler. «Erteki» haryt nyşanly doňdurmalar hem islegli nygmatlaryň hatarynda durýar. Biz golaýda «Erteki» haryt nyşanly kärhananyň hünärmeni Gürnar Kazakowa bilen bu ýerde öndürilýän doňdurmalardyr süýt önümleri, alyjylaryň islegleri dogrusynda söhbetdeş bolduk:

— Biziň kärhanamyz 2002-nji ýylda açyldy. Bu ýerde işine ökde hünärmenler işleýär. Kärhanamyzda öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, daşary ýurtlaryň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylandyr. Munuň netijesinde kärhanamyzda ildeşlerimiziň ösen isleglerine laýyk gelýän, ýokary hilli önümler öndürilýär. «Erteki» haryt nyşanly datly doňdurmalarymyz sanlyja ýylyň içinde uly meşhurlyk gazandy. Bu doňdurmalar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň söwda dükanlarynda giňden ýaýrandyr.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».