«Hasar» täze önümlerini hödürledi

13 Iýun 2022
1175

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine 

2001-nji ýylda açylan «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň işläp başlanyna indi 21 ýyl dolýar. Çagalygymyzyň iň söýgüli süýjüleriniň öndürijisi bolan «Hasar» ýene kämilleşmegiň ýolunda. Ol indi täze önümleri bolan «Kofeçi», «Şokolad örtükli gawun kaky», «Näzli», şeýle hem «Nowruz» süýjüsiniň täze görnüşlerini öndürmäge başlady. Bu barada «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy S.Poladow gürrüň berdi. 100-e golaý önüm öndürýän kärhana müşderileriň islegini hemişe birinji orunda goýýar. Şonuň üçin-de, her bir alyjynyň islegini kanagatlandyrmak kärhananyň iň esasy maksady. Şu maksada gulluk edýän kärhana, täzeçe tagam — şokoladly gawun kakyny müşderilere hödürledi. Bu üýtgeşik tagam hemmeleriň göwnüne ýarady. Esaslandyryjynyň bellemegine görä, onuň düzüminde bir syr saklanýar: çagalygyň tagamy. Kiçijekkäk gawun tagamly sakgyjy halamaýanymyz ýokdur. Ine, bu gezek kärhana çagalygyň üýtgeşik tagamyny size gaýdyp,
bermek isleýär.

Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.