«Altyn ýunusyň» islegli önümleri

7 Iýun 2022
1254

Welaýatymyzyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli döwrebap kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. «Altyn ýunus» hususy kärhanasynyň Änew şäherindäki konditer önümçiligi boýunça kärhanasy hem şolaryň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de ilatymyzy öz önümlerimiz bilen üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlup, 2020-nji ýylda ulanylmaga berlen bu döwrebap kärhanada üstünlikli işler alnyp barylýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar bu ýerde süýjüdir kökäniň ýokary hilli, tagamly we islegli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň hünärmenleri bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmekde mynasyp tagalla edýärler.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.