Ekologiýa howpsuzlygy

3 Iýun 2022
1492

Tebigata aýawly garamagy halkymyz ir döwürlerden bäri özüniň mukaddes borjy hasaplap gelýär. Şonuň üçinem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak bilen baglanyşykly birnäçe Konwensiýalaryna hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna işjeň goşulmagy öz-özünden düşnüklidir.Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ýurdumyz ekologiýa meselelerini dünýä derejesinde çözmäge işjeň gatnaşýar. Öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryň netijesinde suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly zerur işler amala aşyrylýar. Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň konsepsiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanmagynda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynda türkmen tarapynyň teklipleriniň eýeleýän orny, wajyplygy muňa mysal bolup biler. BMG-niň agza ýurtlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanan we ýurdumyz bilen bir hatarda, dünýäniň 21 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama bu ugurda işleri kämilleşdirmekde, umumadamzat ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýediginden habar berýär. Ýeri geleninde aýtsak, häzirki ajaýyp zamanamyzda bagçylygy ösdürmegiň gadymy däpleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatyň has-da gözelleşmegini gazanmak boýunça asylly başlangyçlar özüniň oňyn netijesini berýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylyp, ýurdumyzyň ähli künjegi tokaý zolaklary bilen bezelýär.

Döwletgeldi GAZAKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.