Bagly-bossanly mekan

1 Iýun 2022
1203

Daşky gurşawy goramak wezipesi dünýä halklarynyň ählisi üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi bu wezipäniň çözgütleri geljekki nesillerimiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistan bu ugurda ajaýyp başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde öňdäki hatarda çykyş edýär, bar bolan meseleleriň çözgüdine hem-de mümkin bolan ekologiýa wehimleriniň öňüniň alynmagyna uly goşant goşýar.

Döwletimiz bu ulgamda BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklap, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň ähmiýetli tarapy onuň özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Bu sazlaşygy üpjün etmek üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.