Islegli oýnawaçlar

30 Maý 2022
1443

Çaga üçin oýun — daş-töwerekdäki dünýä akyl ýetirmegiň ýoly. Eger şeýle bolsa, gürrüňsiz, oýnawaçlar — şol ýoluň başlangyjy. Lukmanlar hut oýun wagtynda körpäniň kiçijek hereketleriniň, onuň göz öňüne getirmek ukybynyň ösýändigini aýdýarlar. Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş geňeşliginde ýerleşýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynda öndürilýän oýnawaçlar çagalarda täze ukyplary we endikleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

500-den gowrak ýokary hilli hojalyk önümlerini öndürýän hususy kärhananyň gadamlary barha batlanýar. Bu ýerde çaga oýnawaçlarynyň hem dürli görnüşleri öndürilýär. Uly we kiçi oýnawaç maşynlary, çägede oýnamaga niýetlenen oýnawaçlar toplumy, düzmeçler, şakyrdawukly oýnawaçlar, haýwanjyklaryň şekillerindäki oýnawaçlar, oýnawaç görnüşli zähmet gurallary... daşky özüne çekijiligi, ekologiýa zyýansyzdygy, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň her birinde millilik hem-de dünýä tejribesi özboluşly utgaşypdyr. Bu bolsa islendik çaganyň ünsüni çekmekde ajaýyp üstünlikdir.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».