Ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň kepili

27 Maý 2022
1155

Daşky gurşawy goramak şu günüň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň köpçülikleýin bag nahallaryny oturdyp, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça asylly işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini mart aýynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem aýdyň görkezýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjy golaýandygy üçin halkara güwänamanyň gowşurylandygy barada gelip gowşan hoş habar ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändiginiň halkara ykrarnamasydyr.

Tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, olaryň köpdürlüligini gorap saklamak babatda diňe bir ýurt derejesinde däl-de, halkara derejesinde hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň bu babatdaky halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlaryndan gözbaş alýar. Türkmenistanyň öňe sürýän her bir başlangyjy halkara bileleşiginde uly goldawa eýe bolýar.

Berdimyrat HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.