Baglar — ýaşaýşyň nyşany

26 Aprel 2022
1132

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de professor-mugallymlardyr ýaşlar gatnaşdy.

22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.

Güljahan HEZRETGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.