Tebigy gazdan alynýan önümler

5 Aprel 2022
1207

Tebigy gazdan, ilki bilen, elektrik we ýylylyk energiýasyny alyp bolýar. Emma gazyň esasynda dökün, ýangyç, reňkleýji serişdeler we başga-da köp sanly önümler öndürilýär.

Ýaşyl ýangyç. Tebigy gaz — gazylyp alynýan uglewodorod ýangyçlarynyň arasynda iň arassasy bolup durýar. Ol ýakylanda, diňe suw we kömürturşy gazy emele gelýär. Mundan başga-da, tebigy gaz ýakylanda emele gelýän kömürturşy gazyň emissiýasy iň pes derejededir, şonuň üçin hem ol «ýaşyl ýangyç» diýlip atlandyrylýar. Öz ýokary ekologik häsiýetnamasy üçin tebigy gaz energetika dünýäsinde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Taýýarlan Isgender HEZRETKULOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.