Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 4—10-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

4 Aprel 2022
1251

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+14o-dan +15...+17o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+13o-dan +14...+16o aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22o-dan +30...+32o aralygynda maýyl bolar.