Ekologiýa hem terbiýe

4 Aprel 2022
1205

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakyndaky» we «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar.

Orta mekdeplerde, ýörite orta hünär mekdeplerinde ekologiýa sapaklary, esasan, tebigaty öwreniş we biologiýa-geografiýa toplumyndan ybarat okuwlarda jemlenendir. Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde bu okuw sapaklarynyň okadylmagy bilen, talyplaryň tebigaty goramak taglymatynyň esaslaryny, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatyndaky syýasatyny bilmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Bu sapaklarda ekologiýanyň esasy düşünjelerine, tebigatdan aýawly peýdalanmaga, tebigaty goramaga dahylly konwensiýalara we bütindünýä we sebit ähmiýetli ekologik meseleleri çözmäge Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygy beýan edilýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.