Zenan mähriban ynsan

16 Mart 2022
1633

Maşgalanyň rysgal-berekediniň, edim-gylymynyň, agzybirliginiň, abraýynyň köp babatda aýal maşgala baglydygy hemmämize mälimdir. Zenan diňe bir adamzadyň nesil daragtyny dowam etdiriji bolman, ol maşgala ojagynyň ýaraşygy, öýüň gelşigi, mähribanlyk mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz mähriban zenanlarymyza, eziz enelerimize, gözel gelin-gyzlarymyza bolan buýsanjyny şeýle beýan edýär: «Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine goşýan mynasyp goşantlary kalbyňy joşdurýar. Olar bilim ulgamynda ýaş nesillere döwrebap bilim bermegiň nusgalyk ýoluny görkezseler, ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny subut edýärler. Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekip, ynsan saglygynyň goragyny üpjün edýärler. Döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda özleriniň zähmetini gaýgyrmaýarlar.

Aýjan HAÝYTBAÝEWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.