Baldyzym — baş daragtym

1 Fewral 2022
1579

Il deňinde deňli-derejeli bolup, durmuş toýuny tutup, bir öýe gelin bolup geleňsoň, şol öýüň abraýyny gorap, öýdäkiler bilen ýürekdeş-göwündeş bolmaga çalyşmaly. Halkymyzda gaýynataňdyr gaýyneneňe, ýüwürjidir baldyzlaryňa hormat goýmak däbi gadymy döwürlerden bäri saklanyp gelýär. Ýanýoldaşyň hossarlaryny sylamak, olaryň abraýyny-adyny goramak, gelinlik hyzmatyny etmek ýaş gelniň mukaddes borjudyr. Gelin gelende hemmelerden öň begenýän, ýaş gelin çörege çagyrylanda onuň ýany bilen gidip, ýaş gelne ýakyn ýardamçy bolýan baldyzlar durmuşda esasy orunlaryň birini tutýar. «Baldyzym — baş daragtym» diýlişi ýaly, ýaşajyk baldyzlaryň üsti bilen gelen gelin täze düşen hojalygynyň ähli düzgünlerine belet bolýar.

Gelniň baldyzy bilen gowy gatnaşygy, agzybirligi öýdäki beýleki maşgala agzalarynda hem gelne bolan hormat-sylagy, gowy garaýşy döredýär. Daşyndan seredeniňde dogan ýaly diýdirýän gelin-baldyzy göreniňde göwnüň şatlanýar. Durmuşyň synagly ýollarynda ýaş gyzyň gelinlik dünýäsine düşünmegine, gelne bolsa, baran ojagyna ysnyşyp gitmäge ýardam berýän gelin-baldyz gatnaşyklary tutuş maşgala üçin wajypdyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.