Ýakymly pursatlar

21 Ýanwar 2022
2050

Gülüň ysy

Türkmen halkynda ogluň ýetişensoň, şagalaňly toý tutup, öýlendireniňden soň, bäbek toýuna garaşmak ýaly ýagşy arzuw-hyýallar bar. Durmuş dowam edýär. Arzuw eden süýji günleriň hem ýetip gelýär. «Oguldur döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy» diýip, ogul bolsa-da, gyz bolsa-da on iki synasy sagat balanyň dünýä gelmegine garaşylýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».