Ahlak terbiýesiniň wajyp meseleleri

19 Ýanwar 2022
1514

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, ahlak taýdan terbiýelemek arkaly olarda türkmen nesliniň gowy sypatlaryny kemala getirmek meselesine uly üns berilýär. Sebäbi bu günki ýaş nesiller biziň jemgyýetimiziň geljegi bolup, biz, şol geljegiň ýaş nesilleriň terbiýesine, ahlak-erk sypatlaryna, olaryň estetik, akyl we beden taýdan ösüşlerine, durmuşda we zähmetde uly nesilleriň maddy we ruhy tejribesini dowam etdirmäge hem ösdürmäge näderejede taýýardygy bilen baglanyşyklydygyna oňat düşünmelidiris. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň: «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli we halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr» diýip, nygtap geçişi ýaly, bu asylly maksatlaryň hötdesinden abraý bilen gelmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Ahlak — adamlar bilen aragatnaşykda, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünidir, ählihalk terbiýeliliginiň täjidir. Ol okuw döwründe, zähmetde, aragatnaşykda, hatda döredijilikde hem aýdyň ýüze çykýar. Ahlak terbiýesini maşgala, mekdep, mekdebe çenli ýaşly we mekdepden daşary çagalar edaralary, kitaphana hem-de zähmet toparlary amala aşyrýar. Ata-ene, mugallym, medeniýet işgärleri durmuşda, işde, maşgalada, jemgyýetçilik ýerlerinde özünden hemişe görelde alynýandygyny unutmaly däldir. Şu işde mekdebiň terbiýeçilik tärlerinden we sungat edaralarynyň, kitaphanalaryň serişdelerinden peýdalanmak oňaýly netije berýär.

Döwran GURTJYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.