Ertir howa nähili bolarka? (Muny bilmek gyzykly)

17 Ýanwar 2022
3447

Her paslyň özüne mahsus ajaýyp howasy bolýar. Şol howa bilen hem tebigat gözel keşbe bürenýär. Emma şeýle-de bolsa «Gyşda howa sowuk bolýar» ýa-da «Tomusda yssy bolýar» diýlip oturylmaýar. Ertirki ýa-da has soňraky günleriň howasy barada köplenç gürrüň edilýär. Köp söhbetdeşlikleriň başlanmagynda hem howa gepbaşy bolýar. Toý-märeke etjekler, ekin meýdanlarynda işlejekler, gezelenje gitjekler, çöle çekene sürjekler, dostlary bilen futbol oýnajaklar, tamdyra çörek ýapjaklar... garaz, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşa çenli belli bir derejede howanyň nähili boljakdygy barada gyzyklanýarlar. Eýsem, howa maglumaty nähili kesgitlenilýär?! Sagat näçede ýagyş ýagyp, näçede Gün çykjakdygyny, näçe galyňlykda gar ýagyp, näçe gradus aýaz boljakdygyny nädip anyklaýarlar?!

Howany öwrenýän ylma «meteorologiýa» diýilýär. Bu ylym howply tebigy hadysalara garşy öňüni alyş çäreleri görmekde, oba hojalyk pudagynda ýokary hasyl almak üçin ygalyň wagtyny kesgitlemekde, howa we deňiz ýollarynda gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de syýahatçylykda örän möhümdir. Häzirki wagtda meteorologiýa ylmy diýseň kämilleşdi. Meteorologlar çylşyrymly matematiki hasaplamalaryň kömegi bilen ýakyn wagtda boljak howany ýokary ähtimallyk bilen çaklamagy başarýarlar. Olar ýerde, deňizde, dagyň depesinde, howada gurnalan dürli ölçeýji enjamlaryň berýän görkezijilerini ýörite niýetlenilen kompýuterlere girizýärler. Gelip çykan netijäni öňki ýyllaryň netijeleri bilen deňeşdirip, ýakynda boljak howany çaklamaga çalyşýarlar.

Taýýarlan Oguljan AMANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.