Ekologiýa abadançylygy — bagtly geljegiň güwäsi

24 Dekabr 2021
1422

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we ýurdumyzyň welaýatlarynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlamagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geljege gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. ªonuň bilen baglylykda, döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly sebitleýin we halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ýuliýa SOKUROWA,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň agzasy, ekolog.