Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

14 Dekabr 2021
1672

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.