Arassa hem tämizdir Diýarymyzyň howasy

17 Noýabr 2021
1761

Adamyň gündelik durmuşda daşky gurşawdan has köp özüne kabul edýän hem-de peýdalanýan zady howadyr. Howanyň arassalygy bolsa tutuş adamzat üçin uly baýlyk bolup, onuň sagdyn hem ruhubelent ýaşaýşynyň düýp şertleriniň biridir. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň ählisi-de halkymyzyň bähbidine gönükdirilen işlerdir. Şonuň üçin adam saglygyna täsir edýän howanyň düzüminiň elmydama arassalygyny saklamak hem örän möhüm şertdir. Adamyň iýip-içýän önümleriniň we geýýän eşikleriniň arassalygyny üpjün etmegiň zerur bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde dem alýan howasynyň hem arassalygy örän derwaýys bolup durýar.

Howanyň arassalygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden başlanýar. Daşky gurşawyň aýawlylygyny saklamak bolsa, öz gezeginde adam bedeniniň fiziki taýdan işjeňligine, onuň maksada okgunlylygyna, ruhy taýdan sagatlygyna örän uly täsir edýär. Bulardan başga-da, howanyň düzümindäki uglerod oksidine garşy göreşijilik ukyby bolan agaçlaryň ekilmegi-de howanyň arassalanmagyna sebäp bolup durýar. Ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde, adamyň saglygyny üpjün etmekde iňňän möhüm meseleleriň biri bolan bag ekmek, ylaýta-da, pürli, miweli, saýaly baglary ekmek işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýrylmaz wajyp iş tertibi hökmünde amala aşyrylýar. Sebäbi adam saglygy döwletimizde ilkinji hem möhüm mesele bolup, onuň tebigat bilen arabaglanyşygynyň, sazlaşygynyň ikitaraplaýyn amala aşmagy üçin adamyň tebigata zähmet siňdirmegi, netijede, tebigatyň adam saglygyna täsirli boljak arassa kislorody bölüp çykarmagy möhüm şert bolup durýar.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».