Bagtyýar körpeleriň diýary

17 Noýabr 2021
1661

Çagalary juda ezizleýän milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistany bagtly çagalygyň ýurduna öwrüp, halkymyzy bagtyýar döwre eýe etdi. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar döwlet derejesinde uly alada bilen gurşalyp alynýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Aşgabat» binalar toplumy özüniň binagärlik özboluşlylygy we ähli babatda mümkinçiliklere baýlygy bilen tapawutlanýar. Toplum açylaly bäri, sanlyja günleriň içinde ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli, şol sanda, çagalaryň şadyýan dynç alýan ýerleriniň birine öwrüldi. Toplumyň töweregindäki ajaýyp bagy-bossanlyga, suw çüwdürimlere beslenen gözel seýilgäh zolagy bu ýerde maşgala bolup gezelenç etmäge höwes döredýär.