Sagdyn jemgyýetiň binýady

3 Noýabr 2021
1756

Jemgyýetiň esasy özeni bolan maşgalanyň abatlygy, agzybirligi, bitewüligi berk döwletiň mizemez sütünidir. Maşgala özara ylalaşyk, mähir-söýgi, bir-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly möhüm gatnaşyklary goldaýan adamlaryň jeminden emele gelýän bitewülikdir. Maşgalada ene-atanyň, är-aýalyň, çaganyň, doganyň, aga-ininiň, gelniň her biriniň öz orny, derejesi bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyklar ahlak we hukuk kadalary bilen kadalaşdyrylýar.

Maşgala gatnaşyklarynda maşgalanyň her bir agzasynyň öz ornunda durup, hukuklaryny, borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetiren ýagdaýlarynda jemgyýetde kämil maşgala emele gelýär we ol jemgyýetiň beýleki agzalary tarapyndan sylag-hormata eýe bolýar. Durmuşda özüniň eýeleýän orny boýunça dürli şahsyýetleriň jemgyýetde eýeleýän derejelerine garamazdan, maşgala gatnaşyklary köpçülik tarapyndan ykrar edilen umumy ahlak we döwlet tarapyndan kabul edilen ýeke-täk hukuk kadalaryna eýerýär.

Ogulhesel BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.