Abadançylyk — möhüm mesele

10 Oktýabr 2021
1468

Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak köptaraply işi özünde jemleýär. Şunda howanyň düzümini adamyň we janly-jandarlaryň dem alýan kislorod bilen üpjün etmek üçin bagy-bossanlyklary, gül-gülälekli zolaklary döretmek, howanyň düzümine zyýanly gazlary goýberýän önümçilikleri ilatly ýerlerden bellibir daşlykda ýerleşdirmek, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, olary önümçiligiň beýleki bir ugrunda peýdaly ulanmak ýaly başlangyçlar öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda, ýurdumyzda önümçilige zyýansyz, ýagny «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze gurlup ulanylmaga berilýän zawodlardyr fabriklerde zyýanly gazlaryň mukdaryny düýpli peseldýän tehnologiýalary ulanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki ýylda bolup geçen mejlisinde eden çykyşynda: «Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr» diýip belläp geçmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletgeldi MAGTYMGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.