Sanly ykdysadyýet oba hojalyk pudagynda

24 Sentýabr 2021
1478

Hormatly Prezidentimiz: «Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip belleýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Sanly telematik ulgam boýunça işleýän oba hojalyk tehnikalaryna uly ähmiýet berilýär. Golaýda hem dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň kämil tehnikalary, tirkeg gurallary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurdaky önümçilikler bilen meşgullanýan telekeçilere gelip gowuşdy.

Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ýerine ýetirýär. Soňra zyýanly mör-möjeklerden ekinleri goramak üçin ornaşdyrylan sanly ulgam, ýagny topraga ýerleşdirilen «akylly» sensorlar olaryň öňüni almakda gerekli işleri ýerine ýetirýär. Hasyl ýygnalýan döwürde hem ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ony awtomatik görnüşde ýygnap berýär.

Bahar ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň hünärmeni.