Başymyzyň täji, siz!

13 Sentýabr 2021
1481

Bu dünýädäki barlyklaryň iň ezizi enedir. Eneler barlyk zynjyrynyň iň derwaýys halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowamat dowam bolmazdy.

Ene söýgüsi uly güýçdür, oňa taý geljek gymmatlygy gözleseň uzak oýlandyrýar. Perzendiniň sallançagyny üwräp, telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, zemini ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga hiç bir zat berip bilmez. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, dertlerimizi öz dertleri saýýan, iýmän bize iýdirýän hem-de biziň durmuşda ýolumyzy arçaýan bedenimiziň we aňymyzyň ösmegine sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeldýän, dünýämizi gözelleşdirýän we şunça sansyz haýyr işleri etmek bilen bizden hiç zat hantama bolmaýan mukaddeslik, ol hem enedir.