Çäksiz söýginiň eýesi

13 Sentýabr 2021
1756

Her bir ynsanyň kalbyna mähir, söýgi çaýýan mährem ene — Biribaryň ýaradan iň beýik ynsany. Ene ýüreginiň gözelligi, söýgüsi her bir ynsany özüne maýyl edýär. Sebäbi dünýämiziň diregi, ojaklaryň bezegi mähriban käbeleriň hemişe mertebeleri beýikdir. Öýleriň törlerinde aýratyn orny bolan eneler her bir perzendini başynyň täji hasaplaýar. Nurana eneler ojaklaryny mähir bilen çoýýarlar. Şeýle gyzgyn mähir bilen maşgalasyny gurşap alan enelerimiziň biri hem Enegyz Ballyýewadyr.

82 ýaşy arka atan Enegyz ene Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde ýaşaýar. Enegyz ene öz manyly ömründe Meretdurdy aga bilen üç ogly, ýedi gyz perzendi terbiýeläp, il hataryna goşdy. Häzirki wagtda Gahryman enäniň perzentleri dürli kärlerde zähmet çekýärler. Enegyz enäniň 30 agtygy, 46 çowlugy bar. Agtykdyr çowluklaryny daşyna üýşürip, enelik söýgüsini berip, olara edepli-terbiýeli bolmagy ündäp, ýurdumyzyň taryhy, bu günki ösüşleri hakda gürrüň berýär.