Her kimiň öz orny bar

6 Sentýabr 2021
1646

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy soň jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär».

Öýüň baş döwleti bolan agzybirligiň berk bolmagynyň ilkinji şerti maşgala agzalarynyň hersiniň öz ornuna, durmuşdaky wezipesine dogry düşünmegi bolsa gerek. Meselem, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda erkek adamyň öz orny, aýal adamyň öz orny bar. Şu dessuryň berk tutulmagy oňyn netije-de berýär.

Ejegyz ÇARYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.