Maşgala we terbiýe

3 Sentýabr 2021
1585

Terbiýäniň düýp binýady maşgalada goýulýar. Çünki çaga terbiýesinde maşgala ägirt uly orun degişlidir. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary, urp-adatlary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde sagdyn, halal-päkize nesliň ýetişmegine garaşybermeli. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, jogapkärçiligi talap eden ýagdaýynda ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna salýar. Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlerimizden bize miras galan uly baýlyk bolmak bilen birlikde her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar.

Ata-babalarymyz çaga terbiýesinde oňlanyljak belli bir netijä gelip, terbiýeçilik ähmiýetli, geljekde-de öz halkyna nepi degjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler we uzak ýyllaryň dowamynda olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Indi olary dowam etdirmek bolsa biziň borjumyzdyr. Çünki terbiýe meselesinde pederlerimizden bize miras galan ýörelgeleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Iň bärkisi «Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok» diýilmesi hem köp zatdan habar berýär.

Dilraba BAZAROWA,
Farap etrabyndaky 5-nji «Gunça» çagalar bagynyň terbiýeçisi.